250 gektarlyk tokaý döretdi

2 Maý 2021
1374

Şahyr Gara Seýitliýew bir agaç eken adamyň adynyň dünýä kitabyna ýazylýandygyny şygyr bilen nygtapdy. Onda 11 müň düýp nahaly ösdürip-ýetişdirip, 250 gektar ýeri tokaýa öwren adamyň ady has-da uly hormata eýe bolsa gerek.

Biz bolsa, häzirlikçe onuň adyny öz habarymyzda buýsanç bilen dile getirýäris. Indoneziýaly Alasan Sadiman atly adam 11 müň düýp nahal oturdyp, takyr depeleri tokaýa öwürdi. Şeýlelikde, Ýawa şäheriniň 69 ýaşly ýaşaýjysy 250 gektar meýdany agaçdan doldurdy. Elbetde, ol bu işe ömrüniň 24 ýylyny bagyş etdi.

Selimmyrat AMANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Beýleki habarlar