Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyksöýüjilikli, hoşniýetli, «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan ýurt hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty ýurtda, sebitde we dünýä ýüzünde abadan, parahat ýaşaýşy üpjün etmäge gönükdirilen ýörelgeleri özünde jemleýär.
Hormatly Prezidentimiz her ýylyň başynda milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşyk geçirip, kanunçykaryjylyk ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi üçin degişli maslahatlary we tabşyryklary berýär. Olaryň hatarynda dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyk gerimini giňeltmek, abraýly halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça tabşyryklar bar. Hormatly Prezidentimiziň bu tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde türkmen tarapynyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň 28-nji aprelinde «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly parlament ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygynda geçirilip, ol syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Türkmenistan ýurdumyz ähli taraplaýyn kuwwatly döwlete öwrülip, bu günki gün halkara giňişliginde-de uly abraý gazanýar. Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygyna dünýäniň ençeme döwletleriniň gatnaşmaga we çykyş etmäge isleg bildirmegi-de, ýurdumyzyň parahatçylyga we ynanyşmaga gönükdirilen syýasatynyň dünýä döwletleri tarapyndan goldanylýandygynyň beýanydyr.