Ýüpekçileriň iş-aladalary

30 Aprel 2021
1633

Ýüpek gurçuklaryny idetmek işine gadymy Ahal ýaýlasynda örän jogapkärli çemeleşilýär. Welaýatyň ýüpekçi kärendeçileri şu günler özlerine paýlanan 3941 guty gurçugy talabalaýyk idetmekde yhlasly zähmet çekýärler. Ideg etmek işine irgözinden taýýarlykly girişilmegi häzirki wagtda möwsümiň talabalaýyk alnyp barylmagyna şert döredýär.

Möwsümiň öňüsyrasynda ýörite hünärmenleriň ýerlerde bolup, ýüpek gurçugynyň idediljek jaýlarynda döredilen şertler bilen tanyşmagy, kärendeçiler bilen iş üstünde duşuşyp, özara pikir alyşmagy we degerli maslahatlaryny bermegi bu jogapkärli işde uly ähmiýete eýe boldy. Şoňa görä-de, häzirki günlerde kärendeçiler ýüpek gurçugynyň kadaly iýmitlendirilmegini gazanýarlar.

Aýdo ŞEKEROW.
“Türkmenistan”.
Beýleki habarlar