Bu günki hereket — ertirki bereket

28 Aprel 2021
1427

Ekerançylyk bilen meşgullanýanlar üçin ýazky ekiş möwsümi iň jogapkärli döwürleriň biri hasaplanýar. Sebäbi geljekki hasylyň bereket-bolçulygy ýaz ekişiniň irki möhletde we ýokary hilli geçirilmegine bagly bolup durýar. Ekişi öz wagtynda we guramaçylykly geçirmegi maksat edinýän babadaýhanlarymyz bu möwsümiň her pursadyndan netijeli peýdalanmak üçin güýç-gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar. Şu günler Watanymyzyň gymmatly baýlygy bolan pagtanyň bereketli hasylyny kemala getirmek maksady bilen, gowaça ekişi gyzgalaňly dowam edýär.

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyna baryp, häzirki döwürde möhüm agrotehniki çäre bolan gowaça ekişiniň ýagdaýy bilen gyzyklananymyzda, etrabyň «Görelde» daýhan birleşiginiň pagtaçy babadaýhanlarynyň ýazky ekiş möwsüminde köplere görelde görkezerlik işleri alyp barýandyklaryny aýtdylar. Biz işiň böwşeňleşen çagydyr diýip çaklap, günortana golaýrak daýhan birleşigine baranymyzda, birleşigiň ähli hünärmenleriniň ekiş geçirilýän ýerdedigine, bu jogapkärçilikli möwsümde bolsa işiň böwşeňleşýän wagtynyň bolmaýandygyna ýene bir gezek anyk göz ýetirdik. Bu ýerde ilki bilen daýhan birleşiginiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Arazgül Çaryýewa bilen söhbetdeş bolduk. Onuň aýtmagyna görä, birleşigiň pagtaçylary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 1000 gektar ýere gowaça ekmegi göz öňünde tutýarlar. Häzirki wagtda ekiş işleri üç ýerde: 1-nji, 6-njy hem-de 7-nji kärendeçiler toparlarynyň ekin meýdanlarynda tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Annageldi BEKIÝEW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar