Ak şäherim Aşgabat!

28 Aprel 2021
1595

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň we Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýunyň belleniljekdigi halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrýar. Ýubileý toýuny garşylamagyň bosagasynda duran ak şäherimiz bu gün ajaýyp wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýär. Şeýle ajaýyplyklary synlanyňda bolsa buýsançly duýgular seriňe dolýar. Hakykatdan hem Aşgabat — ak mermerleriň şäheri. Aşgabat — asuda, abadan durmuşyň nusgasy. Aşgabat — ylmyň we bilimiň ojagy. Şeýle ajaýyplyklaryň ählisini jemläniňde bolsa, Aşgabat — türkmen dünýäsiniň ýüregi diýesiň gelýär.

Biz hem geljekde hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän uly ynamyndan ruhlanyp, döredýän oňyn şertlerinden peýdalanyp, Watanymyza mynasyp nesli kemala getirmekde mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Beýleki habarlar