Ynsanperwer syýasatyň dünýä ykrarnamasy

14 Aprel 2021
2011

Mukaddes Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan bäri geçen 30 ýyla golaý wagtyň içinde ata Watanymyz daşary syýasatda-da, içeri syýasatda hem ýokary üstünlikleri gazandy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmegi bilen, taryh üçin uzak bolmadyk döwürde ýurdumyz parahatçylyk söýüji döwlet, ynamdar hyzmatdaş hökmünde dünýädäki ornuny pugtalandyrdy. Eziz Diýarymyzyň BMG bilen hyzmatdaşlykda dünýäde parahatçylygy, asudalygy berkitmek, howpsuzlygy üpjün etmek babatdaky tagallalarynyň netijesinde dünýä halklarynyň abadançylygynyň hem ösüşiniň bähbidine tutumly işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Milletler bileleşigi tarapyndan ençeme möhüm Kararnamalaryň kabul edilmegi dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňelmegine, parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna şert döretdi.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barmak bilen, halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýandygyny, halkara konwensiýalarynyň, şertnamalardyr beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň 150-den gowragyna gatnaşýandygyny belläp geçsek, ýurdumyzyň dostlukly gatnaşyklaryň, bähbitli hyzmatdaşlygyň tarapdarydygyna göz ýetirmek bolýar. Türkmenistan 2011-nji ýylda BMG-niň 66-njy mejlisinde «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen şygary öňe sürdi. Munuň aňyrsynda uly many bar. Sebäbi ösüş we parahatçylyk diýen düşünjeler bir-biri bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, «Parahatçylyk, munuň özi sazlaşykly ýaşaýyşdyr. Sag-salamatlyk, abadan durmuş köňülleriň heňňamlara ýazan mukamydyr». Milli Liderimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl—Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem şu hakykatdan ugur alýar.

Arslan BAÝJANOW,
Türkmenbaşy şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.
Beýleki habarlar