Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kalbymyza joşgun berýän hoş habarlara, dabaraly çärelere, taryhy we şanly wakalara diýseň baý. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygyny tassyklaýan hoş habarlar halkymyzyň şatlyk-buýsanjyny has-da artdyrýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan dürli ugurlarda kabul edilýän çözgütler umumymilli bähbitleri öz içine almak bilen, bütin adamzadyň durnukly hem parahatçylykly ösüşindäki meseleleri çözmäge düýpli itergi berýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşi pugtalandyrmak boýunça alyp barýan, hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatyny dünýä jemgyýetçiliginiň ykrar edýändiginiň subutnamasy bolup durýar.
Häzirki wagtda döwletler bilen gatnaşyklarda, halkara hyzmatdaşlykda ynanyşmaga, halklaryň arasynda parahatçylygy pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Parahatçylyk we ynanyşmak ylalaşykly bolmagy, özara düşünişmegi, birek-birege hormat goýmagy aňladýar. Bu ýörelgeler dünýäde at-abraýy artýan döwletimiziň alyp barýan işleriniň mazmunyny düzýär.