«Gurply topragyň» işi ileri

9 Aprel 2021
1388

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli pudaklar bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamynda hem belent sepgitlere ýetilýär. Bu pudagyň ösdürilmegi, oba zähmetkeşleriniň girdejileriniň ýokarlandyrylmagy, önüm öndürijileriň höweslendirilmegi babatda uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyndan ruhlanýan zähmetkeşler ýylyň-ýylyna toprakdan bol hasyl almaga çalyşýarlar. 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalygynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, önüm öndürijileri höweslendirmek maksady bilen ýerleri 99 ýyla çenli peýdalanmaga bermek baradaky Karary bu günki günde iş ýüzünde amala aşyrylýar.

Mary etrabynyň «Milli goşun» daýhan birleşiginiň çäginde 120 gektar ýerde Altyn Hatamowanyň ýolbaşçylygynda «Gurply toprak» daýhan hojalygy döredildi. Bu daýhan hojalygynda ýerlere talabalaýyk ideg edilip, bugdaýdyr pagtanyň bereketli hasyly öndürilýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda daýhan hojalygynyň 38 gektar ýeri agrotehnikanyň talaplaryna görä gowaça ekişine taýýarlanyldy. Galan ýerde geçen ýylyň güýzünde ekilen ak ekiniň idegi ýetirilýär.

Beýleki habarlar