«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda ýüpekçilik pudagy döwrebap ösdürilýär. Piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen degişli işler geçirilýär. Şu şanly ýylda ýurdumyz boýunça piläniň 2100 tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar.
Ýüpekçilik pudagynyň serişde binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň daýhan hojalyklaryny ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumy bilen üpjün etmek maksady bilen köp işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlaryny taýýarlaýan kuwwatly senagat kärhanasynyň gurluşygynyň alnyp barylmagynyň bu ugurdaky ähmiýeti uludyr. Munuň özi berkarar Watanymyzda ýüpekçilik pudagynyň pajarlap ösmegine mümkinçilik berer.