«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyz gysga wagtyň içinde durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň belentliklerine tarap gadam basmak bilen, oňyn özgerişlere eýe bolýar. Şu ýylda türkmen halky özüniň baş baýramyny — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýär. 27-nji sentýabr milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýär. Çünki ol dünýä kartasynda, halkara giňişliginde görnükli orun eýeleýän Garaşsyz türkmen döwletiniň dörän gününi alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Garaşsyzlyk baýramy biziň merdana halkymyza özüni erkin duýmaga, bagtly saýmaga ruhy güýç berýän mukaddes baýramdyr» diýip belleýär. Bu hakykatdan hem şeýle, çünki Garaşsyzlyk biziň erkinligimizi, asudalygymyzy we özbaşdaklygymyzy aňladýar.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Dünýäde iň gymmatly we zerur baýlyk parahatçylyk bolup durýar» diýip jaýdar belleýär. Parahatçylyk söýüjilik milli Liderimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynda halkymyzyň we halklaryň parahat, asuda durmuşda ýaşamagy babatda baý maglumatlar bar. Bitaraplyk syýasatynyň özeninde duran parahatlyk söýüjilik milletimiziň ganyna siňen ajaýyp häsiýetleriň biridir.