Oba hojalygynda ekerançydyr maldarlar üçin ýylyň hemme paslam jogapkärli. Emma pagtaçy kärendeçiler üçin ýaz ekişiniň günleri ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Sebäbi geljekki hasylyň bereket-bolçulygy belli bir derejede ýaz ekişiniň gysga möhletde we ýokary hilli geçirilmegine bagly bolup durýar. Şonuň üçinem pagtaçy kärendeçiler döwlet tarapyndan berilýän ýeňilliklerden, hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtdan satyn alyp berýän ýokary öndürijilikli traktorlardyr oba hojalyk gurallaryndan netijeli peýdalanýarlar.
Gowaça ekişine ak pata berilmegi bilen bu agrotehniki işi öz wagtynda we ýokary hilli tamamlamak maksady bilen etrabymyzda-da ýaz ekişi giň gerime eýe bolýar. Etrabymyzda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda 6800 gektar meýdana gowaça ekmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu möhüm iş etrabymyzyň daýhan birleşiklerinde işjeň häsiýete eýe bolýar. Bu möhüm işden TDP-niň etrap komitetiniň işgärlerem çetde durmaýarlar.