Gowaça ekişine badalga berildi

31 Mart 2021
1573

Düýn Daşoguz welaýatynyň pagtaçy-kärendeçileri hem hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, şu ýylyň ýazky gowaça ekişine guramaçylykly girişdiler. Welaýatymyzyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Beruni adyndaky daýhan birleşiginde gowaça ekişine başlanmagy mynasybetli ýörite dabara geçirildi.

Welaýatymyzyň pagtaçy-kärendeçileri gowaça ekişini hemmetaraplaýyn taýýarlyk bilen garşyladylar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda welaýat boýunça 155 müň gektar meýdanda gowaça ekip, ýurdumyzyň senagat pudagy üçin bu gymmatly çig malyň 275 müň tonnasyny ösdürip ýetişdirmek maksat edinilýär. Welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalarynda ýurdumyzyň demirgazyk künjeginiň howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasyl berýän orta süýümli gowaça görnüşleriniň ýeterlik mukdardaky tohumy taýýarlanyldy.

Altybaý AMANGELDIÝEW,
TKA-nyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar