Halkymyzda gadymdan gelýän däbe görä, perzende ata-enesinden, iň bolmanda, bir öý, bir guýy (howuz), üç-dört düýp üzüm, birküç düýp erik, birki düýp hem salkyn saýaly tut daragty galýar. Eger-de türkmen howlusyndaky şol gojaman tut agajyna dil biten bolsady, onda ol öz saýasynda saýalan öten-geçenlerimiz, alysdan-ýakyndan myhman-gonak bolan adamlar barada yzy üzülmeýän kyssalary gürrüň bererdi.
Şol tutlaryň saýasynda, adatça, ýaz-tomus aýlary ir säher dynç almak, çaý içmek üçin agaç seki gurulýar. Häzirki günlerimizde hem ir säher, guşluk wagtlary obada ýaşaýan tanşyň, dostuň gapysyndan salama barsaň, tuduň goýry kölegesinde säheriň sergin howasynda gök çaý içilip oturylanyny görersiň.