Türkmen selmelegi

28 Mart 2021
1847

Türkmen selmelegi köpýyllyk ösümlik. Amatly şertlerde onuň kökýany, ýapraklary iri bolýar. Ýapraklaryň uzynlygynyň bir ýarym metre çenli ýetýäni-de bar. Türkmen selmelegi — Diýarymyzyň özboluşly ösümligidir. Oňa günbatar Köpetdagda duş gelmek bolýar. Bu ösümlige golaý görnüşler Orta ýer deňzine ýakyn ýurtlarda gögerýärler.

Türkmen selmelegi şeýle-de Sumbar we Çendir derýalarynyň jülgelerinde gögerýär. Ýyl geldigiçe, bu dermanlyk ösümliginiň sany oba ilaty tarapyndan artdyrylýar. Selmelek toprakda çyglylyk ýeterlik bolanda gögerýär, gülleýär we miwe berýär, tomus paslynyň jokrama yssysynda bolsa, ol uka gidýär. Selmelegiň ýapraklarynda ýara bitiriji, beden gurplandyryjy häsiýetler bar. Ösümligiň köki hakynda halk arasynda dürli rowaýatlar hem aýdylýar.

Aýlar GURBANDURDYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Beýleki habarlar