Türkmenistan we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy: baş maksat — sebitiň abadançylygy

16 Mart 2021
2070

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gün Türkmenistan dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzalygyna kabul edildi. Her bir ýurduň dünýä giňişliginde eýeleýän taryhy ornunyň bolşy ýaly, döwletleriň daşary syýasatynda halkara guramalaryň-da öz ähmiýeti bolýar. Türkmenistanyň halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy, türkmen Bitaraplygynyň taryhy tejribesi barada gürrüň edenimizde, biz käbir halkara guramalaryň atlaryny ýygy-ýygydan gaýtalaýarys. Şolaryň biri-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasydyr.

Belli bolşy ýaly, hut şu guramadan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy derejesinde ykrar edilmeginiň ilkinji ädimleri başlanypdy. Ilkinji gezek öz daşary syýasy ugrunyň esasy hökmünde oňyn Bitaraplyk ýörelgesini saýlap alýandygyny 1992-nji ýylyň iýulynda häzirki Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Helsinkide geçirilen sammitinde mälim eden Türkmenistan bu özboluşly hukuk derejesini ykrar etdirmek üçin halkara forumlaryň birnäçesinde anyk garaýyşlaryny dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirdi. Ýeri gelende bellesek, 1995-nji ýylyň 15-nji martynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Yslamabatda geçirilen sammitiniň jemleýji Jarnamasynda Türkmenistanyň daşary syýasatdaky Bitaraplyk ýörelgesi ilkinji gezek sebit derejesinde ykrar edildi. Bu duşuşykda ýurdumyz guramanyň agzalaryna hemişelik Bitarap döwletiň borçlaryny konstitusion esasda öz üstüne alýandygy hakynda degişli Beýannamany hödürläpdi...

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar