Welaýat medeniýet müdirligi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda welaýat döwlet drama teatrynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli «Watan Bitaraplygy — parahatlyk gözbaşy» ady bilen höwesjeň ýaş kompozitorlaryň we estrada aýdymçylarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olaryň döredijilik ussatlyklaryny artdyrmak, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek onuň esasy maksady boldy. Bäsleşikde höwesjeň ýaşlar täze döreden aýdym-sazlaryny ýekelikde we köpçülikleýin ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Gyzykly geçen bäsleşikde emin agzalary ýerine ýetirilen aýdym-sazlaryň many-mazmunyna, döwrebaplygyna, aýdymçylaryň ýerine ýetirijilik we sahna ussatlygyna aýratyn üns berdiler. Netijede, Türkmenbaşy etrabynyň höwesjeň aýdymçylar topary baş baýraga mynasyp boldy. Magtymguly etrabynyň aýdymçylar topary birinji, Balkanabat şäherinden gatnaşan topar ikinji, Hazar şäherinden gelen topar üçünji orunlary eýelediler.