Döwletli ýörelgeler dünýä ýol salýar

3 Mart 2021
1826

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynda gazanylan uly üstünlikleriň biri bolan hemişelik Bitaraplyk hakynda söhbet edilende, ilki bilen bu adyl syýasatyň adamzadyň ýaşaýyş durmuşyna paýlaýan ýakym-ýaraşygy, bagtyýar ojaklaryň ýylylygy kalplara dolýar. Paýtagtymyzda bu derejäniň nyşany bolup seleňläp duran Bitaraplyk binasy şeýle mukaddes düşünjäni asyrlara, nesillere aşyrjak mizemez kämillikdir.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň baş maksady ýurdumyzda, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy, dünýä halklarynyň howpsuzlygyny berk gorap saklamakdan hem-de türkmen halkynyň aňyrdan gelýän ata-baba däbi bolan ynsanperwerlikli, hoşniýetli gatnaşyklary, agzybirlik ýörelgelerini dünýä ýaýmakdan ybarat bolup durýar. Bu aýdylanlara güwä geçýän wakalary bolsa uzakdan gözlemeli däl. Muňa mysal edip, 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabat şäherinde BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem anyk mysaldyr. Bu abraýly halkara guramasynyň edarasynyň paýtagtymyzda ýerleşmegi ähli meseleleri düşünişmek we gepleşikler arkaly çözmäge, Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy ygtybarly üpjün etmäge giň mümkinçilikleri açdy. Türkmenistan dünýä giňişliginde özüni özara hormat goýmak esaslarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde üýtgewsiz çykyş edýän döwlet hökmünde görkezýär. Bu bolsa döwletimiziň halkara meselelerini ylalaşykly çözmek üçin oňaýly şertleri döretmäge jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň güwänamasy bolmak bilen, Merkezi Aziýada durnuklylygy, parahatçylygy saklamagyň esasy özeni, ýol-ýörelgesi bolup hyzmat edýär. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy mynasybetli bu guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2016-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýasy Garaşsyz döwletimizde we dünýä arenasynda halkara ähmiýetli uly taryhy wakadyr.

Çary ISAÝEW,
Farap etrap prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi.
Beýleki habarlar