Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlarynyň netijesinde 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir. Häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Hakykatdan hem hoşniýetli goňşuçylyk, oňşukly ýaşamak, ynanyşmak we birek-birege ýardam bermek, parahatçylygy saklamak halkymyzyň gadymyýetden gelýän milli ýörelgeleriniň naýbaşysydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly çuňňur many-mazmunly kitabynda belleýşi ýaly, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek biziň döwlet syýasatymyzda ileri tutulýar. Parahatçylyk munuň özi sazlaşykly ýaşaýyşdyr. Sag-salamatlyk, abadan durmuş köňülleriň heňňamlara ýazan mukamydyr. Agzybirlik, abadanlyk döwletimiziň baş ýörelgesidir. Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň halkara syýasatynda bu ýörelgelere aýratyn üns berýär. Dünýä döwletleriniň gatnaşmaklarynda iri halkara taslamalaryny amala aşyrýar.