6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň hormatyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen häzirki zaman «Bagabat» şypahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şypahana birbada 200 adamy kabul etmäge niýetlenen döwrebap toplumdyr. Şypahananyň düzümine balneoterapiýa, palçyk bilen bejeriş, anyklaýyş-maslahat beriş, fizioterapiýa bölümleri, howuzlar we SPA salony girýär. Anyklaýyş-maslahat beriş bölümi pulmonologiýa otagyndan başga-da, Germaniýada öndürilen «Siemens med» enjamlary bilen üpjün edilen UZI otaglaryny, EKG, rentgen, stomatologiýa, newrolog hem-de kardiolog lukmanyň, gulak-burun-bokurdak we oftalmolog lukmanlarynyň, beýleki hünärmenleriň otaglaryny öz içine alýar. Şypahana üç gatly binalaryň ikisinden ybarat bolup, olaryň her birinde bir orunlyk otaglaryň 25-si, iki orunlyk otaglaryň 35-si we lýuks otaglaryň 5-si ýerleşýär.
Şol gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda, Arçabil şaýolunyň ugrunda — «Bagabat» şypahanasyna alyp barýan ýoluň esasy çatryklarynyň birinde gurlan «Saglyk» binasynyň hem açylyş dabarasy boldy. Türkmen paýtagtynyň şäher ýakasynyň binagärlik keşbi bilen sazlaşýan bu täsin bina ak reňkli 20 metrlik sütünleriň 8-sinden ybaratdyr. Şolar ýokarda altynsow halkalaryň bäşisi bilen birleşdirilýär. Olar ýurdumyzyň bäş welaýatyny alamatlandyrýar.