Parahatçylygyň hem ynanyşmagyň ýoly

22 Fewral 2021
1813

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek barada Kararnamanyň kabul edilmegi dünýä ähmiýetli waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen teklibiň bütin dünýä tarapyndan goldanylmagy ýurdumyzyň ýokary abraýyndan habar berýär. Parahatçylyk düşünjesiniň özi hem dünýä döwletleriniň arasyndaky ynanyşmak ýagdaýyndan gelip çykýar. Türkmen Lideriniň  dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak babatda ýöredýän adyl, ynsanperwer syýasaty BMG-niň bu ugurda alyp barýan işi bilen utgaşykly amala aşyrylýar. Parahatçylygy üpjün etmegiň, dünýäde dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň durnukly, ygtybarly guraly bolan Bitaraplygymyz we oňa esaslanýan syýasatymyz dünýä halklaryna nuruny çaýýar. Sebäbi bu syýasat halklaryň dostlugynyň, abadançylygynyň we ösüşiniň bähbidine gönükdirilendir. Ýurdumyzyň daşary syýasatda amala aşyrýan işleri mähriban halkymyzyň asyrlar boýy dowam edip gelen hoşniýetli gymmatlyklaryna, ýörelgelerine daýanýar.   

Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen döwletliliginiň goşa ganaty bolan Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan uly güýçdür» diýip belleýşi ýaly, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy bilen utgaşyp gelen bu ýylda hem ösüşlerimiz ösüşlere beslenýär. Her bir pudakda gazanylýan ösüşlerdir üstünlikler halkymyzyň eşretli ýaşaýşy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ajaýyp şertleri döredýär.     

Gülşat ATALYÝEWA,
Bereket etrap döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar