Gül ysly mazy

21 Fewral 2021
1824

Türkmeniň bereketli topragynda ýetişýän ajaýyp bakja önümleriniň biri-de, dulda dursa gül ysy bilen burk urup göwünleri göterýän, ele alsaň, bal ysy süňňüňe ýaýraýan mazydyr.

Mazynyň pazyly ýere ýazylyp ösmek bilen, baldaklarynyň şekili togalak ýa-da dört gyraňlydyr. Miwesi eliň aýasynda ýerleşjek ululykda, togalak we tüýjümek, daşy nagyşlyja, gyzgylt-goňras reňkli bolýar. Mazy Diýarymyzyň ähli ýerinde diýen ýaly ösýär. Onuň miwesi iýilmeýär, ysgamak we bezeg üçin ulanylýar. Mazyny ysgap doýup bolmaýandygyny söz ussady Magtymguly Pyragy şeýle beýan edipdir: «Güli, destembili ysgap doýunmaz». Onuň ady türkmen halk döredijiligi eserlerinde hem orun alýar: «Gawun gowusy — mazy», «Ene — mazy, ata — kazy».

Jeren BAKYÝEWA,
Kaka etrabyndaky «Bägül» atly 9-njy çagalar bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar