Bagtly mekanyň buýsanjy

19 Fewral 2021
1709

Halkymyzyň parahatçylyksöýüjilik we ynsanperwerlik baradaky gadymy ýörelgelerine, köpasyrlyk ösüşiň taryhy tejribesine we medeni däplerine esaslanýan baky Bitaraplygymyz ählumumy parahatçylygy hem-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu hukuk derejesi bütin dünýäde türkmen dostanalygyny, milli Liderimiziň ynsanperwer başlangyçlaryny giňden dabaralandyrýar.

Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde durmuşa geçirilýän tutumly işleriň her biri halkymyzyň bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmeklige gönükdirilýär. Ata-babalarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde toplan gymmatly tejribesi hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalarynyň netijesinde üstünlikli dowam etdirilýär. Ministrler Kabinetiniň şu ýyldaky ilkinji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de onda görkezilenleri amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu bolsa bilim ulgamynyň işgärleriniň hem buýsançly başyny Göge ýetirdi. Çünki ösüp gelýän ýaş nesli ylymly-bilimli, watansöýüji, päk ahlakly, sagdyn bedenli, kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek ösüşlere beslenýän döwrümiziň talabydyr. Bu bolsa biz — bilim işgärlerinden hem uly jogapkärçiligi talap edýär.

Oguljemal BABAÝEWA,
Saýat etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar