Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň açyklygy, ygtybarly döwlet hökmünde giň möçberli hyzmatdaşlyga taýýarlygy hem-de ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak ugrundaky işjeňligi halkara durmuşynda türkmen diplomatiýasynyň ykrar edilmegine itergi berýär. Ösüş arkaly parahatçylyga hyzmat edýän bu wezipeler, ilkinji nobatda, baky Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri bilen sazlaşýar. Bitaraplyk diplomatiýanyň ösmeginiň esasynda durýar.
Diplomatiýa munuň özi köpugurly we köpmanyly düşünjedir. Diplomatik işiň ýöredilişiniň aýratynlyklarynyň we görnüşleriniň köpdürlüligi bu düşünje barada dürli garaýyşlaryň hem öňe sürülmegine ýardam berýär. Diplomatiýa döwletleriň daşary syýasatynyň maksatlaryny we wezipelerini amala aşyrmak, daşary ýurtlarda döwletleriň, olaryň edaralarynyň we raýatlarynyň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak boýunça resmi işdir. Bu döwletiň daşary aragatnaşyklary baradaky ylymdyr, halklaryň bähbitlerini özara ylalaşdyrmagyň, gepleşikleri alyp barmagyň sungatydyr.