Üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Türkmenistanyň üstünlikli alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň iş ýüzündäki beýanydyr. Şu ýylyň şygarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bilen mynasyp utgaşýandygy aýratyn bellärliklidir. Ýylymyzyň baş şygarynda ýaşlary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana çäksiz buýsanç hem-de söýgi ruhunda terbiýelemek baradaky pikirleriň hem öz beýanyny tapýandygyny aýtmak gerek. Häzirki wagtda ýurdumyz hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän, öz milli ykdysadyýeti, medeniýeti, özbaşdak içeri we daşary syýasaty bolan, dünýäde giňden ykrar edilen parahatçylyksöýüji döwlet hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň ykdysady binýadynyň berkemeginde we halkara abraýynyň has-da artmagynda Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýeti örän uludyr.
Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjeler bolup, häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk, bularyň ählisi Bitaraplyk derejesine eýe bolan Garaşsyz Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar.