Bitaraplyk — parahatçylygy döretmek sungaty

7 Fewral 2021
2053

2020-nji ýylda halkymyz tutuş dünýädäki dostlary bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek resmi taýdan ykrar edilen Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynyň çärýek asyrlyk toýuny uludan toýlady. Taryh üçin uly bolmadyk bu döwür bir hakykaty dünýä äşgär etdi: türkmen Bitaraplygy halkara gatnaşyklarda aýratyn hadysadyr. Pederlerimiziň arzuwlan Garaşsyzlygy wysal bolandan soňra, Magtymguly atamyz aýtmyşlaýyn, döwlet binamyzyň gaýym bolmagy üçin berk binýat bolan Bitaraplyk dünýä dolan beýik taglymdyr. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk dörediji taglymy bilen türkmen Bitaraplygy nur saçýan şamçyraga, kökleri berdaşly çynara öwrüldi.

1. TARYHY GÖZBAŞLAR, MIZEMEZ KÖKLER

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar