Parahatçylygyň we ynanyşmagyň deňzi

5 Fewral 2021
1835

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly, turuwbaşdan, ýurdumyz we tutuş sebit ähmiýetli taryhy wakalara beslenýär. Şeýle wakalar Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina — Andhoý beketleriniň arasynda uzynlygy 30 kilometre barabar demir ýoluň, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça 500 kilowolt güýji bolan, 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de «Malaý» käninde täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabaralarydyr.

Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda paýtagtymyzda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň taryhyna täze sahypa hökmünde girdi. Bu Ähtnama ýangyç-energetika ulgamynda alnyp barylýan köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýdyň netijesidir, özara hyzmatdaşlykda Hazaryň uglewodorod serişdelerini bilelikde özleşdirmek boýunça gazanylan ilkinji hukuk binýadydyr.

Aýna NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, içerki gullugyň maýory.
Beýleki habarlar