Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň şäher geňeşi bilen bilelikde nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynyň mejlisler zalynda «Zenan edebi — sagdyn jemgyýetiň binýady» atly duşuşyk çäresini geçirdi. Şäheriň edara-kärhanalarynyň öňdebaryjy zenanlarynyň, mährem eneleriň we talyp gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilen çäre Gahryman Arkadagymyzyň çykyşlarynda we dürdäne eserlerinde beýan edilýän kämil ruhy-ahlak ýörelgelerini aýal-gyzlaryň arasynda giňden wagyz-ündew etmeklige bagyşlandy.
Çärede berkarar ýurdumyzda ene sarpasynyň mukaddeslik derejesine göterilendigi, milli ýörelgelerimize eýerýän gender deňligi syýasaty esasynda gyz-gelinleriň jemgyýetimiziň dürli ulgamlarynda zähmet çekmäge hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň bardygy barada gürrüň edildi. Çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlarymyz ýaş nesillere bilim-terbiýe bermekde, sagdyn nesli kemala getirmekde göreldeli zähmeti bilen tapawutlanýarlar, olar medeniýetde, oba hojalygynda, telekeçilikde öz ussatlyklaryny görkezýärler, milli medeniýetimizi dünýä ýaýmakda meşhurlyga eýe bolýarlar diýip, aýratyn bellediler. Şeýle-de, asyrlaryň dowamynda türkmenleriň maşgala ojaklarynyň adamkärçilik, ahlak, edep, görüm-görelde mekdebi bolup, olarda nesiller üçin nusga alarlyk arassa, päk terbiýe ýörelgeleriniň emele getirilendigini Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden, taryhy maglumatlardan, nusgawy edebiýatymyzdan mysallar arkaly täsirli beýan etdiler.