Beýik işleriň gözbaşynda

1 Fewral 2021
1757

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen parahatçylygy söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga hem-de syýasy, söwda-ykdysady, ulag, ylym-tehnika, medeni-ynsanperwer we beýleki möhüm ugurlar boýunça wajyp taslamalary amala aşyrmakda ygtybarly hyzmatdaşlar bolup durýan esasy halkara we sebitleýin hem-de köp döwletler bilen özara gyzyklanma bildirýän giň hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagyna mahsus bolan ýörelgelere esaslanýan daşary syýasy strategiýa yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Şu syýasatyň üstünlige getirmegi, esasan, 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolup durýan döwletler tarapyndan Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň berilmegi bilen şertlendirilendir. Häzirki wagtda oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, syýasy durnuklylygy saklamak, dostlukly gatnaşyklary we netijeli halkara gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky tagallalaryň netijeli bolmagyna ýardam berýär.

Öwezmyrat RAHYMOW,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar