Ýylyň şygary — döwrüň çyragy

28 Ýanwar 2021
2017

Milli Liderimiziň döwletli başlangyjy bilen 2021-nji ýyla «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen nurana at, belent şygar berildi. Parahatçylygy we ynanyşmagy dünýä syýasatynyň baş ýörelgesi hökmünde öňe sürmek tutuş adamzadyň abadançylygy üçin iň zerur ýoluň nämedigini anyk kesgitläp bilmekdir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen jümlede uly many bar. Ol parahatçylyk, ynanyşmak ýaly düşünjeleriň kök uran, ýaýran asyl mekanynyň şu toprakdygyny tekrarlaýar. Muňa bolsa şanly taryhymyz şaýatlyk edýär.

Şu ýylyň şygarynyň milli Liderimiziň öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlary bilen utgaşýandygy aýratyn bellärliklidir.

Batyr ORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktorynyň orunbasary.
Beýleki habarlar