Gatnaşyklaryň täze tapgyry

25 Ýanwar 2021
1697

Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik we dostlukly gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy barha belende galýar. Golaýda paýtagtymyzda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi hem bu ugurdaky möhüm gatnaşyklaryň täze tapgyryna badalga berdi.

Häzirki wagta çenli ýurdumyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda 100-den gowrak, şol sanda soňky üç ýylyň dowamynda bolsa 50-den gowrak resminamalara gol çekilendigi aýratyn bellärliklidir. Ikitaraplaýyn amala aşyrylýan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklar hem hil taýdan täze derejä çykýar. Munuň özi hoşniýetli goňşuçylyk we döwletara dostlukly gatnaşyklaryň barha berkeýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde öňe çykýan Hazar meselesi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň agramly bölegini öz içine alýar. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň awgust aýynda Hazarýaka döwletleriniň bäşisiniň ýolbaşçylarynyň Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa gol çekmegi Hazar deňzinde energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň möhüm başlangyjy boldy. Şeýle hem, 2019-njy ýylda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyň dowamynda hem türkmen-azerbaýjan hökümetleriniň wekiliýetleri özara netijeli we bähbitli ylalaşyklaryň birnäçesini gazandy. Şeýle netijeli gatnaşyklar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda hem uly üstünliklere beslenýär. Bu barada «Bu gün biz ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň, Hazar hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça uzak möhletleýin bähbitleriň gabat gelmeginiň zerurdygyna düşünmek ýörelgelerine esaslanýarys» diýip, belleýän hormatly Prezidentimiz gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge aýratyn üns berýär.

Oguljennet PAŞYKOWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar