Gülem ösýär, güldanam

24 Ýanwar 2021
1515

Indi ekin ekmek üçin ýeri ekstensiw ulanmagyň zerurlygy ýok. Oýlanyp tapylan täsin güldanlar ösümlik bilen bile «ösýär».

Londondaky «Aýaskan» studiýasy tarapyndan döredilen güldanlaryň esasy aýratynlygy olaryň ösümlik bilen deň ösüp, ulalyp bilýänligidir. Güldanyň ösüşini onuň ýüzündäki nagyşdan bilip bolýar. Has takygy, yzygiderli ösüş netijesinde ösümlik görnüşini üýtgedýär. Onuň görnüşiniň üýtgeýşine görä, güldandaky nagyşlar hem özgerýär. Organiki we organiki däl gurluşlary birleşdirýän innowasiýa arkaly ösýän güldana isleg barha artýar. Güldanda ösümligiň köküniň hem endigan ösmegi üçin ähli şertler bar.

Jemal ÝOLDAŞOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Beýleki habarlar