Üstünlige beslenýän zähmet

20 Ýanwar 2021
1663

Bahry-Hazar bilen Jeýhunyň aralygynda, ummasyz giňişlige ýaýylyp ýatan Garagum çöli edermen maldarlarymyzyň ikinji öýi. Olaryň ýaşaýşy, durmuşy çöl meýdany, howasy, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşykly. Çöl durmuşy, maldarçylyk kesp--käri, çarwadarçylyk däp- -düzgünleri adam saýlaýar, onda-da merdi-merdanalary aýyl-saýyl edýär.

«Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýleni. Kyrk çilläniň başynda ýagan gar özüniň aýazly howasy bilen geldi. Galyň düşen gar meýdany ak dona büräp, esli wagt eremän ýatdy. Öz bereket-bolçulygy bilen ýagan ýagyn welaýatymyzyň edermen, merdana, zähmetsöýer maldarlaryny has-da tijenip işlemäge, gyş aladalarynyň artmagyna getirdi. «Malym — janym» diýip işleýän maldarlarymyz gyşyň gamyny ýaz iýensoňlar dowarlary dok we ýyly gyşlatmak işlerinde bökdençlik döremedi.

Beýleki habarlar