Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

20 Ýanwar 2021
1704

Şu günler ýerleri sürmek, tekizlemek, ýapdyr-salmalary arassalamak işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bol hasyl almak üçin her bir işiň wagtynda ýerine ýetirilmegi gerek. Muňa oňat düşünýän kärendeçi daýhanlar wagtyň her bir minudyny işe sarp edýärler.

Işine ökde, ezber kärendeçileriň biri hem Türkmengala etrabynyň «Ruhnama» daýhan birleşiginden Patma Ballyýewadyr. Onuň bir gektar kärende ýeri bolup, bol hasyl almagy başarýar. Ol şu günki herekediň ertirki bereketdigine örän oňat düşünýär. Patma Ballyýewa şu günler gelni Gymmat bilen kärende ýerinde gowaça ekişine taýýarlyk işlerini alyp barýar.

Beýleki habarlar