Eşretli ýaşaýşyň özeni

19 Ýanwar 2021
1611

Agzybirlik, jebislik, bitewülik ýörelgesi ýurdumyzda döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Ähli üstünliklerimiziň hem rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran bu mukaddes ýol-ýörelgäniň has-da pajarlaýandygynyň şaýady bolmak örän ýakymlydyr. Şonuň netijesinde döwlet durmuşynyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşler, eýelenýän sepgitler Watanymyzyň kuwwatyny artdyryp, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýär.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen obasenagat toplumyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üçin kuwwatly binýady döretmäge mümkinçilik berýär. Şunda ýurdumyzyň halk hojalygynyň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyna uly orun berilýär.

Ogulsuraý GÖDEKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar