Limonyň bereketli hasyly

10 Ýanwar 2021
2155

Türkmen topragynda açyk asmanyň astynda, şeýle-de ýyladyşhana şertlerinde miweli baglaryň dürli görnüşleri yzygiderli ekilip, olardan bol hasylyň alynmagyna aýratyn üns gönükdirilýär. Bu ugurda welaýatymyzyň hojalyklarynda alnyp barylýan işler has-da guwandyrýar.

Ak bugdaý etrabynyň Türkmenistanyň Gahrymany M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň zähmetsöýer bagbanlary hem saçagymyzyň bereket-bolçulygyna özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Olar miweli baglaryň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, indi ençeme ýyllardan bäri ýyladyşhana şertlerinde limon baglaryny hem ýetişdirýärler.

Ýörite habarçymyz.
SURATLARDA: ýyladyşhana hojalygynyň hünärmeni Nurgeldi Sopyýew iş wagtynda.
Beýleki habarlar