Şalyçylykda adygan

10 Ýanwar 2021
2172

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýaty bolan Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etraby pagta, bugdaý, gök we bakja önümleri bilen bir hatarda şalynyň hem bol hasylyny ýetişdirýär. Şaly ösdürip ýetişdirmek boýunça etrabymyzyň «27-nji oktýabr», S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşikleri has-da tapawutlanýarlar. Bu hojalyklar ýylyň-ýylyna şalynyň bol hasylyny öndürip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Şaly öndürmek boýunça baý tejribe toplan ussat kärendeçiler etrabymyzda barmak büküp sanardan kän. Olaryň hatarynda «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Toýly Halmyradowy aýtmak bolar. Bu kärendeçi özüniň 26 gektar kärende ýerinde 16 ýyldan bäri şalyçylyk işi bilen meşgullanýar. Ol özüniň baý iş tejribesi bilen ýylyň-ýylyna şertnamalaýyn borçnamany artygy bilen berjaý edýär.

Geçen ýyl ol özüniň kärende ýerinde şalynyň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan «Elenga», «Müňbaş» sortlaryny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ekip, ekilen şaly meýdanynda tekiz, oňat gögeriş gazanmagy başardy. Elbetde, şaly ösdürip ýetişdirmek, ýokary netijeleri gazanmak aňsat iş däl. Bu ugurda kärendeçiniň maşgala agzalary ýakyndan ýardam berýärler. Esasan hem, körpe ogly Ahmet hemişe kakasynyň ýanynda bolup, iş tejribesini artdyryp, kakasy ýaly ezber şalyçy bolup ýetişmek üçin ekişe taýýarlykdan başlap, hasyl ýygymyna çenli aralykda ähli zerur çäreleri öz wagtynda, talabalaýyk berjaý edýär.

Çynar BERDIKULYÝEWA,
TAP-nyň S.Türkmenbaşy etrap komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar