Halal zähmet — rysgal-döwlet (Şa ser­pa­ýy­nyň eýe­si)

7 Ýanwar 2021
2002

Rysgal-döwleti ene topraga hyzmat edip tapýan daýhanlaryň zähmet tejribesi, görüm-göreldesi halkymyzda gadymy kär bolan daýhançylyk kärini dowam etdirjek ýaş nesillerimize nusga, ýörelge bolup durýar. Biziň gürrüňini etjek zähmetsöýer daýhanymyz hem şeýle adamlaryň biri. Oňa Ýagmyrgeldi Bagşyýew diýýärler. Ol Babadaýhan etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi.

Bäş gektara ýaýylyp ýatan ýaşajyk maýsaly atyzlara mähirli nazaryny gönükdiren Ýagmyrgeldi ýigrimi bäş ýyl mundan öňki ömür pursatlaryny ýatlatdy. Ol kär meselesinde ýaýdanyp durmandyr. Garawekil obasynda ýerleşýän 4-nji orta mekdebi tamamlandan soň, obada galyp, daýhançylyk bilen meşgullanmak maksadynyň bardygyny aýdanynda on bir çagany ösdürip, terbiýeläp kemala getiren ejesi — Bike eje-de, kakasy Bagşy aga-da garşy bolman, gaýta ikelläp goldapdyrlar. Ogluny ünsli diňlän Bagşy aga şonda:

Annamyrat BERDIMYRADOW,
Babadaýhan etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar