Malaý medeniýetiniň merjeni

19 Dekabr 2024
73

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklar barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Bu gatnaşyklar diňe söwda-ykdysady ýa-da ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda däl, eýsem, medeni-ynsanperwer ulgamda hem giň gerim bilen ösdürilýär. Köpetdagyň serçemenli, tämiz howaly künjeginde bina edilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda malaý edebiýatynyň we ylmynyň ösmegine saldamly goşant goşan meşhur şahyr hem görnükli alym Raja Ali Hajiniň heýkeliniň oturdylmagy hem iki dostlukly ýurduň medeni gatnaşyklarynda aýratyn möhüm ähmiýetli wakalaryň biri boldy.

Paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda seýil edip, dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkellerini synlap ýörkäň, dünýä edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi mekdebi döreden, malaý halkynyň milli guwanjy Raja Ali Hajiniň döredijilik mirasynyň hormatyna dikilen belent heýkelde ünsüň biygtyýar eglenýär. Heýkeli synladygyňça, malaý halkynyň beýik söz ussadynyň döredijiliginiň çuňluklaryna aralaşmak höwesiň barha artýar. Çünki Raja Ali özüniň ajaýyp eserleri bilen nusgawy malaý dilini we edebiýatyny täze belentliklere göteren hem-de gadymy ösen medeniýetli halkyň milli edebiýatyny dünýä ýaýan ussat şahyr hem ezber alymlaryň biri hasaplanýar.

Agamyrat BALTAÝEW,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar