Gülleýän, gül açýan eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýar

6 Ýanwar 2021
1834

Watan hakda söhbet açylanda kalbyň joşýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan eziz Diýarymyz Merkezi Aziýanyň ýüregi bolmak bilen, öz sebitinde ylalaşdyryjy merkez hökmünde möhüm orun eýeleýär. Garaşsyzlyk iň eziz zat. Ol baky bagtymyz. Garaşsyzlyk gazananymyzdan soň, türkmen ýaýlasyna baky bahar geldi.

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan hoşniýetli daşary syýasaty alyp barýan Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz dünýä bileleşiginiň häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen tagallalaryna işjeň goldaw berýär. Halkara parahatçylygy üpjün etmekde Türkmenistan Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň orny has-da pugtalanýar.

«Esger».
Beýleki habarlar