Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti tarapyndan «Bitaraplyk – baky synmaz binýadym, buýsanyp syn edýär ýakynym-ýadym» ady bilen Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde geçirilen aýdym-sazly dabaraly maslahat ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi. Eziz Diýarymyzyň BMG-ä agza ýurtlaryň biragyzdan goldamaklarynda ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 29 ýyllygyna bagyşlanan bu dabara TDP-niň welaýat, şäher we etrap komitetleriniň hünärmenleri hem-de işjeň agzalary gatnaşdy.
Onda çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyzyň Garaşsyz Diýarymyzyň berk binýatly sütünleriniň biridigini, onuň ata Watanymyzyň halkara derejedäki abraý-mertebesini arşa götermekde, «Açyk gapylar» syýasatyna daýanyp, dünýäniň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmakda, halkara guramalaryna agza bolup, umumadamzat ähmiýetli meseleleri çözmekde uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtadylar. Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlar bu baýramçylyk dabarasyna aýratyn röwüş çaýyp, adamlara ruhy lezzet paýlady.