Bitaraplyk — milli ýörelgämiziň özeni

10 Dekabr 2024
165

Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan türkmeniň hemişelik Bitaraplygy onuň milli buýsanjyna öwrüldi. Türkmen Bitaraplygy milletiň ruhy-ahlak kökleri bilen berk baglanyşyklydyr. Halkymyzyň häsiýet aýratynlygyna, däp-dessurlaryna nazar aýlanymyzda asudalygy, abadançylygy dörediji we üpjün ediji milletdigini görýäris.

Ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, oňşuklylyk ýaly oňyn garaýyşlar «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlarymyzyň, nusgawy şahyrlarymyzyň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Baky Bitaraplygyň özenini düzýän asylly düşünjeler türkmeniň milli aňynyň özboluşly görkezijisidir. Bu barada Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň kökleri halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyndan gözbaş alýar. Hoşmeýilli bitaraplyk ata-babalarymyzyň ädimme-ädim sünnäläp gelen iňňän ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň biridir».

Çowdur ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi.
Beýleki habarlar