Bitaraplyk buýsanjydyr türkmeniň

10 Dekabr 2024
157

Şu günler ýurdumyzyň çar künjeginde Halkara Bitaraplyk güni giňden bellenilýär. Watanymyzyň baky Bitaraplygy ata-babalarymyzyň wysal bolan arzuwy, halkyň çüwen bagty, ýurduň alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyksöýüjilik syýasatynyň özenidir. Onuň esaslary öňe sürýän garaýyşlarymyzyň binýatlyk ölçeglerine eýermäge bize giň mümkinçilik berdi. Şeýle-de halkymyzyň parahatçylyksöýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine hem-de däp-dessurlaryna, garaýyşlaryna we dini ynançlaryna hormat goýmak ýaly düşünjeleriniň has-da berkemegine esas bolup durýar. Bitaraplyk syýasatynyň esasy maksady bolsa ýurduň daşary we içeri syýasatyny gülletmekden, goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekden ybaratdyr.

Biziň institutymyzda bu şanly sene mynasybetli talyplaryň arasynda «Bitaraplyk buýsanjydyr türkmeniň» ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Ýaryşda talyplar Watanymyzyň Bitaraplyk syýasatyny wasp edýän goşgudyr makalalary, hekaýalary ýazmakda özara bäsleşdiler. Bäsleşige gatnaşanlar öz eserlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen belent sepgitleri, Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini wasp edýän eserlerini okadylar. Ýeňiji bolanlara institutyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy we ilkinji ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bägül HOJAGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphana we arhiw işi kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar