«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024
1995-nji ýylyň 12-nji dekabry türkmen halkynyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Biziň ýurdumyz tutuş dünýäde ylalaşdyryjy merkezleriň biri hökmünde ykrar edildi. Garaşsyz Türkmenistan özüniň oňyn Bitaraplyk syýasatyna hemişe ygrarly bolup galýar. Biz özümiziň bütün dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen beýik işlerimizi gyşarnyksyz durmuşa geçireris.