Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçe medeniýet öýünde «Aýdyň maksatlar bilen nurana geljege» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdik. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, partiýanyň welaýat, Dänew etrap komitetleriniň, etrap bilim we medeniýet bölümleriniň işgärleri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň giň möçberli özgertmelerini, durmuşa ornaşdyrýan uzakmöhletleýin syýasatyny halkyň arasynda giňden wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen bu maslahatda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünliklerine bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda şanly ýylymyzda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny bezän guwandyryjy wakalar, gazanylan üstünlikler dogrusynda hem gürrüň edildi. Şeýle-de baýramçylyk çäresiniň dowamynda bagtyýar ildeşlerimiziň gutlaglary diňlenildi we işjeň partiýa agzalaryna ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Soňra baýramçylyk çäresi etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi.