Türk­me­nis­tan — Öz­be­gis­tan: se­bi­ta­ra gat­na­şyk­la­ry pugtalandyryp

28 Noýabr 2024
207

20-21-nji no­ýabr­da Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň II se­bi­ta­ra fo­ru­my hem-de öz­bek ha­ryt­la­ry­nyň mil­li ser­gi­si ge­çi­ril­di. Bu çä­re­le­riň açy­lyş da­ba­ra­sy­na ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri, Öz­be­gis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry gat­naş­dy­lar.

Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­syn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şu ge­zek­ki fo­rum Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň se­bit­le­ri­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň gü­wä­si­dir. Hä­zir­ki wagt­da iki goň­şy ýurt dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na, ta­rap­la­ryň mil­li bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän hyz­mat­daş­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­ýar. Şeý­le hem bi­le­lik­dä­ki giň ge­rim­li tas­la­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi aý­dyl­dy.

Beýleki habarlar