Göwnümize ganat, geljegimize şamçyrag

27 Noýabr 2024
138

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi adamzat paýhasynyň söz sungatyndaky gudratydyr. Şahyryň çuň manyly goşgularyndan çeper söze teşne okyjylar ruhy teselli tapýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr.

Öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasatdan we şirin duýgulardan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy. Hut şonuň üçin hem Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy ganaty, şamçyragy hasaplanylýar.

Serdar JORAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar