Dünýä we Magtymguly

27 Noýabr 2024
201

«Asman astyndaky ýurtda» dana Pyraga sarpa

Hormatly Prezidentimiz goşgulary aýdyma, sözleri dilleriň senasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň dost-doganlyga, ynsanperwerlige çagyryşyň owazy bolup ýaňlanýan eserleriniň döwürleri, milletleri we döwletleri baglanyşdyryp, ýakyn-alys, goňşy-garyndaş halklaryň guwanjyna öwrülendigini belleýär. Bu günki gün beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýäniň çar künjeginde giňden dabaralandyrylmagy-da muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Golaýda bolsa Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy we Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklar» atly ylmy maslahat hem-de şahyryň saýlanan şygyrlarynyň hytaý dilindäki täze neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar