Päk zähmeti bilen adygan

26 Noýabr 2024
191

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bereketli topragymyzdan oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin amatly şertler döredilýär. Munuň üçin öňdebaryjy iş usullaryna daýanylýar. Bu ugurda biologiki usullary ulanmak peýdaly we netijeli hasaplanýar. Biousullary ulanmakda baý tejribeli hünärmenler welaýatymyzda diýseň köp. Şolaryň biri-de Nurýagdy Bazarowdyr.

Indi 40 ýyl bäri barlaghanada zähmet çekýän Nurýagdy aga hünärine göwün beren ynsan. Ol ýaş döwri gowaçaly meýdanlara altyngözlüje goýberilende, uly gyzyklanma bilen synlap, olaryň ekinleri zyýankeşlerden goraýandygyny öwrenende, bu käre höwesi has-da artdy.

Maral AKMYRADOWA,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar