Ak ekiniň idegi

26 Noýabr 2024
178

Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda ak bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde güýç-gaýratlaryny gaýgyrmandyrlar. Şol sebäpli-de her bir gallaçy daýhan üçin bugdaýyň bereketli hasyly bolelin durmuşyň binýady hasaplanýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýylyň-ýylyna halal zähmet çekmegiň göreldesini, yhlasly işlemegiň oňyn netijesini görkezýän daýhanlaryň sany barha artýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe işi ilerleýän şeýle gallaçy daýhanlaryň biri-de Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Garawekil obasynyň ýaşaýjysy Gurban Begenjowdyr. Gurban aga etrabyň «Türkmenistan» daýhan birleşigine degişli bolan 4 gektar ýerinden tohumlyk bugdaýyň saýlama görnüşlerinden bol hasyl almagyň ussady hökmünde tanalýar.

Aýgül GARAÝEWA,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar