ÝTÖB Türkmenistana maýa goýmagy dowam edýär

24 Noýabr 2024
153

Has dogrusy, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana 333 million ýewrodan gowrak maýa gönükdirdi. Onuň netijesinde ýurdumyzyň senagatynda, kiçi we orta telekeçiliginde 87 taslama durmuşa geçiriler.

Häzirki wagtda ÝTÖB-iň gönükdiren maýasynyň netijesinde ýurdumyzda umumy bahasy 22 million ýewro deň bolan 15 taslama alnyp barylýar. Olaryň hatarynda işewürlik işiniň sanlylaşdyrylmagyny, halkara hil ölçeglerine ýetmekde kompaniýalara berilýän goldawlary aýtmak bolar. Şeýle-de bankyň hem-de türkmen tarapynyň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda bäş ýyllyk meýilnama taýýarlanylýar. Bu resminamanyň esasy maksady ýurdumyzyň eksportynyň mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de infrastrukturany ösdürmek bolup durýar. Şunda gaýtadan dikeldilýän energetika, suw serişdelerini dolandyrmak, Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezilýär.

Bägül ATAÝEWA, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň senagat ekologiýasy kafedra müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.
Beýleki habarlar